2018-nji ýylda gozganmaýan emlägiň ýewropa bazarynda nämeler bolup geçdi?

Fransiýada, Monakoda öý, jaý, ýaýla satyn almak kimdir biri üçin arzuw, kimdir biri üçin – hakykat, käbirleri üçin bolsa – söwda bolup durýar. Bu gün Ýewropa bazarynda nämeler bolup geçýär, günbatar agentlikleriniň iş ýagdaýyny, kim we näme satyn alýandygyny bilmek isledik. Şonuň üçin, biz, Ýewropada gozganmaýan emläk boýunça öňdebaryjy araçy kompaniýasy bolan ArendaLazur TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň müdiri, Witaliý Arhangelski bilen gürrüňdeşlik geçirdik

– Witaliý Dmitriýewiç, Siziň ArendaLazur TM (Cofrance SARL) kompaniýaňyzyň ýerine ýetirýän işi barada gürrüň berseňiz. Siz diňe Fransiýada ýa bütin Ýewropa boýunça hem iş alyp barýarsyňyzmy?

– Biz bütin Ýewropa boýunça iş alyp barýarys, ýöne Fransiýa we Monako, elbetde biziň üçin ähmiýetli ýurtlar bolup durýar, Nissa-da bolsa biziň baş edaramyz ýerleşýär. Ýerine ýetirýän işimiz barada aýtsam, biz gozganmaýan emlägiň ähli görnüşleri bilen iş alyp barýarys: hususy, söwda, ýönekeý we kaşaň jaýlary. Daşary ýurt, hususanda Rusýa bilen netijeli işleri alyp barýarys. Biz olara desgany saýlamaga, ony gözden geçirmäge, soňlugy bilen saklamaga we kireýine bermäge ýardam edýäris. Ýany bilen zerur bolan ähli hyzmatlary, şol sanda hukuk hyzmatlary bilen hem üpjün edýäris. Salgyt, kommunal tölegleri, ätiýaçlandyrma bilen bagly ähli meseleleriçözmäge ýardam edýäris. Zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda öz saýlan ýurdynda ipoteka resmileşdirmäge hem ýardam berýäris. Ýaşamaga rugsady almakda, işiňizi hasaba aldyrmakda, soňra raýatlyk almaga hem ýarda edýäris. Ýewropada wagtlaýyn ýaşaýan adamlar ýat ýurtda özlerini birahat duýýarlar. Biziň wezipämiz, müşderimiz soňuna çenli özüni rahat duýup hiç zady alada etmez ýaly ähli zatda goldamak bolup durýar.

– Siz kireýine bermek ýaly işleri hem alyp barýarsyňyzmy?

– Hawa, biziň ýene-de bir alyp barýan ugrumyz bu kireýine bermek we onuň bilen bagly ähli işler bolup durýar. Dynç almak we başga-da maksatlary üçin ýaýlalary we öýleri gysga möhletlik kireýine almak, söwda işlerini alyp barmak üçin söwda jaýlaryny, uzak wagt ýaşamak üçin jaýlary almak – bularyň ählisi eýýam on ýyl bäri ArendaLazur TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň üstünlikli alyp barýan işi bolup durýar. Fransiýanyň, Monakonyň gozganmaýan emläk desgalarynyň bazasynyň ählisi biziň elimizde. Ýewropanyň beýleki ýurtlarynda hem biz gozganmaýan emläk agentlikleriniň köp bölegi bilen hyzmatdaşlyk saklaýarys. Biziň kompaniýamyz araçy kompaniýa bolansoň biz öýleriň we jaýlararyň bahasyny ýokarlandyrmaga hukugymyz ýok. Biz ony, eýesiniň öz beren nyrhyndan teklip edýäris, hatda arzanladyş barada hem gürrüňdeşlik alyp barýarys.

– 2018-nji ýylda gozganmaýan emlägiň Ýewropa bazarynda nämeler bolup geçdi?

– Umuman alanymyzda, Ýewropada gozganmaýan emläge bolan isleg we nyrhlary ýokarlanýar. Ýöne her ýürdyň ýagdaýy dürli-dürli. Käbir ýürtlarda birnäçe ýyllap hem hiç hili üýtgeşme bolanok, käbirinde bolsa her ýylda üýtgeýär. Mysal üçin, şu ýyl Germaniýada gozganmaýan emläge bolan isleg birden ýokarlandy. Portugaliýada we Niderlandyda bolsa bahalary takmynan 6-8 % ýokarlandy we şular ýaly tendensiýa mundan beýläk hem dowam eder diýip garaşylýar.

Bugün, gozganmaýan emläge bolan islegi boýunça Italiýa, Ispaniýa we Germaniýa öňdebaryjy ýurtlar hasaplanylýar. Bu, birnäçe ýyl mundan ozal bu ýurtlarda jaýlaryň nyrhynyň 20-30 % pese düşmegi bilen bagly bolup durýar. Häzir bolsa bahalar ýene-de ýuwaş – ýuwaşdan, ýylda ortaça 2-4 % ýokarlanýar. Şonuň üçin bu ýerde gozganmaýan emläk satyn almak bähbitli bolup durýar.

– Fransiýada ýagdaýlar nähili?

– Fransiýada ýagdaý düýbünden başgaça: birnäçe ýyl mundan ozal jaýlaryň nyrhy gaty ýokarlandy, soňra bolsa saklandy. Geçen ýyl bolsa bahalar düýbünden üýtgemedi. 2018-nji ýylda bolsa 1.5-2 % ýokarlandy. Bu gaty uly täsir edenok, şonuň üçin öýlere bolan isleg heniz hem ýokary bolup durýar. Hünärmenleriň berýän maglumatlaryna görä bu ýerde baha haýal ýokarlanmaly diýip garaşylýar, şonuň üçin bu ýerde ýäşäýyş jaýlaryna maýa goýmak amatly bolar diýip pikir edýärin.

– Ýyllaryň dowamynda, gozganmaýan emläk babatynda hiç hili üýtgeşme bolmaýan ýurtlary hem barmy?

– Hawa, Şweýsariýada, Beýik Britaniýada şular ýaly ýagdaý dowam edýär, ýa-da bolmasa biziň ýokary depginde iş alyp barýan Monako Knýazlygymyz. Bu ýurtlarda köp ýyllaryň dowamynda gozganmaýan emläk bazary üçin mahsus bolan bahanyň haýal galmak dinamikasy dowam edýär. Hiç hili üýtgeşmesiz ýylyň dowamynda 0.5-1.5 % ýokarlanýar. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä bu ýagdaý üýtgemeýär. Şonuň üçin bu ýurtlarda gozganmaýan emläge bolan isleg gaty ýokarydygyny ýatlatmak artykmaç bolýar diýip pikir edýärin we bu ýurtlarda jaýlaryň bahasy örän ýokary. Monako, London ýaly şäherleri bu babatda köp ýyldan bäri dünýäniň öňdebaryjy üçliginiň hasabnda dur.

Fransiýada kaşaň jaýlaryň bahasy (kaşaň ýaýlalar, köşkler, galalar) öýleriň ýa-da sowda jaýlarynyňka garanyňda haýal ýokarlanýar. Mundan beýläk hem şular ýaly ýagdaý saklanyp galar diýip pikir edýärin. Fransiýada bolsa nyrhlar gaty çalt ýokarlanýar, aýratyn hem studiýalaryň, kiçiräk öýleriň, abraýly jaýlaryň hem bahalary çalt ýokarlanýar.

– Daşary ýurt adamsyna Ýewropada gozganmaýan emläk satyn almak we soňra ony kireýine bermek amatly bolýarmy? Ol ýerde salgytlary, kommunal tölegleri hem ýokary ahyry.

– Elbetde, şol sebäpden hem amatly bolýar. Fransiýada ýaşamak üçin salgyt ýola goýulan. We bu salgydy şu wagtda öýde ýaşaýan adam töleýär, şuňa laýyklykda eger jaý kireýine berilýän bolsa, elbetde ähli çykdajylary kireýine ýaşaýan adam tölemeli bolýar. Adatça kommunal töleglerini hem ýaşaýkynyň özi töleýär. Köp Ýewropa ýurtlarynda kireýine bermegiň bahasy gaty ýokary. Şonuň üçin gozganmaýan emlägiň eýesi,jogapkärçiliklere garamazdan islendik ýagdaýda hem bähbide eýe bolýar. Ýurtda hemişelik ýaşamaýan daşary ýurt adamlaryna jaýy kireýine bermek has hem amatly bolup durýar. Ýogsam ýaşamaýan jaýyňa hem tölegleri amala aşyrmaly bolýarsyňyz.

– Mundan gelip çyksak, daşary ýurt adamlaryna kireýine bermejek bolsa Ýewropada jaý satyn almagyň peýdasy ýokmy?

– Ähli zat ýagdaýa bagly bolup durýar. Emma meniň tejribämde bular ýaly ýagdaý heniz bolmandy. Hiç bir daşary ýurt adamsy ýöne ýere jaý satyn alanok. Olar jaýy, ýa ol ýerde hemişelik ýaşamak üçin ýa-da tomusda dynç almak üçin satyn alýarlar, başga wagt bolsa kireýine berýärler. Käbir adamlara iş alyp barmak üçin jaý gerek bolýar. Jaýy satyn alyp, bir hepdelik dynç alyşa gelip, soňra-da goýup gitmegi biziň tejribämizde heniz bolanok. ArendaLazur TM (Cofrance SARL) kompaniýamyz öý eýesiniň ýok wagty hem gazganmaýan emlägine ideg edip, oňa yzygider gurdeji getirip durmagynyöz gözegçiligimizde saklaýarys. Hut şonuň üçin hem biziň kompaniýamyza ýüz tutýarlar. Ýylyň dowamynda bir aý ýaýla ýa-da öý gerek bolsa, onda ony ýöne kireýine alýarlar we bu meselede hem biz hemişe ýardam etmäge taýýar.

Ýewropada gozganmaýan emlägi köplenç gurply adamlar satyn alýarlar we soňky serişdelerine hem däl. Olaryň ýeketäk maksady – amatly we peýdaly maýa goýmak bolup durýar. Bular ýaly adamlar jaý satyn alanda, ony amatly satmak mümkniçigini göz öňüne tutup alýarlar we jaýyň heniz gurluşygy tamamlanmanka satyn alýan ýagdaýlary hem bolýar. Eger bular ýaly zerurçylygyň gerekligi ýüze çykmasa, onda ony öz çagalaryna miras hökmünde hem goýup bilýärler. Bu bankda goýulan serişdesinden hem ynamdar bolup durýar, has hem Rusýada.

– Rusýada müşderileriňiziň sany köpmi?

– Biziň ştatymyzda rus dilinde gürleýän işgärlerimiziň sany köp bolansoň, özüm hem Sankt-Peterburgda uzak wagt ýaşadym, şol sebäplere görä Rusýadan we öňki SSSR döwletlerinden bolan müşderierimize aýratyn üns berýäris. Biziň köp web sahypalarymyz hem rus dilinde alnyp barylýar, Moskwa, Peterburg, Alma – Ata, Kiýew, Minsk ýaly we käbir pribaltika şäherlerinde iş edaralarymyz, RF dürli welaýatlarynda göni aragatnaşyk belgilerimiz hem bar. Zerurlygy ýüze çykan ýagdaýynda hemişe hukuk we ruhy goldawyny, maslahatlary bermäge taýýar, Rusýada hemişelik ýaşaýan ynamdar hyzmatdaşlarymyz hem bar.

Şol bir wagtyň özünde diňe rus müşderilerimiz bilen çäklenemizok. Biziň ähli esasy web sahypalarymyz fransuz, rus we iňlis ýaly üç dilinde okamak mümkinçiligine eýedir. Iş edaralarymyzda bolsa ispan, italýan, hytaý, nemes we başga-da dillerinde suwara gürleýän işgärlerimiz hem bar. Düşünişmek meselesinde hiç hili meselämiz bolmansoň bize dürli ýurtlardan ýüz tutýarlar.

– 2018 Siziň kompaniýaň üçin nähili boldy?

– Durnukly we biziň meýilleşdirişimiz ýaly boldy. Fransiýada, bahalary “saklanan” döwründe gozganmaýan emläge bolan höwes artdy. Häzir bahalary biraz ýokarlandy, ýöne adamlar şonda-da nyrhlary has ýokarlanmanka satyn almak isleýänleriň sany artdy. Şonuň üçin ýyl şowly, işimizem köp boldy diýsek bolýar, täze hemişelik müşderilerimiz we dostlarymyz peýda boldy.

Kireýine almak barada aýtsak, ýurtdaky ykdysady ýagdaýy sebäpli bolmagy mümkin, bu ýyl Rusýadan Fransiýa dynç almaga gelen az boldy. Şu ýagdaýyň boljagyny biz öňünden bilip, başga ýurtlardan bolan müşderilerimize köp üns bermäge çalyşdyk. Emma, Лазурный Берег kompaniýasyny fransuzlaryň özünden başga hut ruslaryň aýratyn halaýandygyny sebäpli, 2018-nji ýyl bu ugurda biziň üçin amatly bolmady.

– Gozganmaýan emlägiň has arzan ýeri bolan Bolgariýa we Gresiýa ýaly Ýewropa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk saklaýarsyňyzmy?

– Men belläp geçişim ýaly, biz bütin Ýewropada iş alyp barýarys. Gozganmaýan emlägiň arzan ýurdy bolan Bolgariýa, Gresiýa, hatd Finlýandiýa bilen hyzmatdaşlyk alyp barýarys. ArendaLazur TM (Cofrance SARL) kompaniýasy ilkide VIP – müşderileri bilen hyzmatdaşlyk sakladyk. Sebäbi olar birinjiden arzan tekliplere üns berenoklar we ikinjiden hem biziň “ähli oňaýly şertleri bolan”şertnama baglaşma ýörelgämizi halaýarlar. Biziň adaty müşderilerimiz bu hukuk hyzmatlarynda tygşytlamak isleýän we onlarça dürli guramalara ýüz tutýan, öýüni özbaşdak kireýine berýän adamlar däl. Biziň müşderimiz desgany anyk saýlaýar, peýdaly boljagyna göz ýeitrip galan ähli işleri bize tabşyrýar: şertnama baglaşmak, ätiýaçlandyrmak, salgyt deklarasiýasyny doldurmak, kireýine bermek, dolandyryjy kompaniýany gözläp tapmak. Ýa-da bolmasa olözüne Fransiýa hemişelik ýaşamak üçin gitmek isleýär, ol ýerde iş satyn alýar. Bu ýagdaýda hem biz oňa hemmetaraplaýyn ýardam edýäris.

– Siziň kompaniýaňyzyň işi diňe bir söwda jaýyny satmakdan ybarat bolanok, şeýle dälmi? Bu barada giňiş gürrüň berseňiz.

– Elbetde ýok, bu ýagdaýda hem biziň bähbidimiz uly. Biz maslahat berýäris, işe getirjek peýdasynyň nukdaýnazaryndan baha berýäris, hakyktdan hem peýdaly görnüşini saýlap almaga ýardam edýäris, doly hukuk hyzmatlary bilen hem üpjün edýäris. Bulardan soňra wagtlaýyn ýaşamaga rugsat almaga, maşgalasyny göçürmäge we başga-da ýüze çykýan meseleler boýunça hem ýardam edýäris. Olaryň çagasynyň gitjek mekdebini saýlamaga, enesini haýsy lukman seretmeli, hatda haýsy weterinar olaryň itine seretmeli diýen soraglaryna hem çözgüt tapýarys. Müşderi bize çözmeli bolan ähli meseleleri ynanyp biler, biz hem olaryň Fransiýada özlerini birahat duýmaz ýaly ähli oňaýlyklary barada alada deýäris.

– Diýmek siz VIP- müşderilerine has köp üns berýäňiz, şeýle dälmi?

– Biziň hyzmatlarymyzdan köplenç gurply ýagdaýy bolan adamlar peýdalanýarlar. Dynç almak barada gürrüň etsek bolsa biz ýeke öýi kireýine almaga ýardam etmäni, goşmaça şahsy meýilnamasy bolan dynç alyşy gurnaýarys. Muňa gämide syýahat etmek, dikuçardaky gezelençler, nähili bolsa-da bir dabara ýaly goşmaça hyzmatlaty degişli bolýar. Bizde hiç hili çäklendirme, syýahatçylyk hyzmatlary we şablon boýunça geçirilýän çäreleri ýok. Ähli zat müşderiniň islegine görä geçirilýär. Egerde ol howa menzilinde limuziniň garşy almagyny ýa-da willada gije – gündiz orkestr saz çalanyny islese biz muny aňsatlyk bilen ýerine ýetirýäris.

Emma bu biziň alyp barýan işimiziň diňe bir ugry bolup durýar. Biziň teklipler bazamyzda “orta gatlak” üçin hem desgalaryň sany köp: elýeter öýleri, jaýlary, kireýine almak ýa-da satmak üçin taunhauslary. Şonuň üçin hem eger- de müşderi bize jaň edip: “Men arzan bahadan bir hepdelik diňe studiýa kireýine almak isleýärin” diýse biz oňa Fransiýanyň ähli ýa-da müşderiniň isleýän welaýatyndan amatly nyrhda bolan ähli görnüşlerimizi teklip edýäris, isleg bildirse şertnama baglaşmaga ýardam edýäris. Mundan beýläk onuň özi gelýär, dynç alýar, işleýär, meýilleşdiren zatlary bilen meşgullanýar. Islän wagty maslahat sorap bize ýüzlenip biler. Eger hukuk taýdan maslahat berme barada aýtsak biz ony uly höwes bilen tölegsiz ýerine ýetirýäris. Şeýlelik – de biziň eýe bolan “kaşaňlylyk” abraýymyz gaty bir dogry däl. Biz ähli adamlar bilen iş alyp barýarys we her biri üçin hem gerekli görnüşi bilen üpjün etmek mümkinçiligimiz bar.

– Siziň kompaniýaňyzda gozganmaýan emläk agentliklerinde köplenç ýok bolan aýratyn hyzmat barmy?

– Men bu soraga şeýle jogap bereýin: biz müşderiniň islegine görä, adatça gozganmaýan emläk agenlikleriniň hyzmatlarynda göz öňüne tutulmadyk, elbetde, kanundan we edeplilik çäklerinden çykmaýan ähli hyzmatlary bilen üpjün etmäge taýýar. Häzirki döwürde islendik mahabat bildirişlerine ýazyp endik edişleri ýaly “şahsy garamak” diýen düşünje ArendaLazur TM (Cofrance SARL) kompaniýasy üçin boş sözleri bolman, eýsem hakykatdan hem müşderimize saýlamaga doly ygtyýar berýäris, we onuň goýan wezipeleriniň ählisiniň çözgüdini tapýarys. Restoranda naharlanmak, atda gezelenç etmek, konserta petek almak – munuň hemmesini siz gozganmaýan emlägi görmäge geleniňizde utgaşdyryp bilersiňiz.

Hyzmatlar barada aýtsak, biz islendik wagty “işe degişli” diýip atlandyrýan hyzmatlarymyz bilen üpjün edýäris. Islendik wagty müşderimizi dikuçarda desgany synlamagyny üpjün ederis. Mysal üçin müşderi aralary uzak bolan on sany desgany synlamak isleýär we onuň jemi iki gün wagty bar. Biz dikuçary kireýine alyp aňsatlyk bilen onuň meselesini çözýäris. Ýa-da ol bir şäherde birnäçe öý saýlapdyr welin, gurluşyny hemmetaraplaýyn gözden geçirmek isleýär. Beýiklikden binanyň hakyky ýerleşişi, golaýyndaky binalar, deňize golaýlygy ýa-da uzaklygy has gowy görünýär. Ýany bilen bile uçan maslahatçymyz oňa ähli zat barada gürrüň berýär we görkezýär.

Bir bada bu hyzmat “toslanan” görünmegi mümkin. Dikuçarda bular ýaly gözden geçirmäni amala aşyran müşderilerimiz bizden razy bolup minnetdarlygyny bildirdiler. Olaryň aýtmagyna görä nätanyş şäherde, çylşyrymly köçelerde, ýanaşyp duran binalardan baş alyp çykmak kyn bolýar. Dikuçaryň bortundan hemme zat eliň aýasyna ýaly görünýär, uly şäherlerde bolsa bu has hem oňaýly bolýar.Desgalary surata düşürip soňra arkaýyn seljermek mümkin. ýatdan çykan zatlar bar bolsa ArendaLazur TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň şahsy menejeri size bu mesele boýunça ýardam edýär. Adaty bolmadyk hyzmatlary barada aýdylanynda siz hem meniň beýan edýän hyzmatlarym ýaly hyzmatlar barada eşidersiňiz diýip pikir edýärin.

– Hakyky! Geljek ýyla meýilleşdiren işleriňiz barmy? Şular barada gürrüň berseňiz.

– Biziň öňünden meýilnama düzmek däbimiz ýok. Gyzykly ýa-da peýdaly pikir ýüze çyksa biz wagt ýitirmäni hereket edýäris. Men öz tejribämden bilýärin, soňa goýulan iş düzgün boýunça ýerine ýetirilmeýär ýa-da üstünlik getirmeýär. Biziň häzirki wagt üstünde işleýän işlerimiz bar.

Döwrebap tehnologiýalaryň asyrynda kompaniýanyň oňaýly web sahypalarynyň bolmagy zerur. Sebäbi olar adamlara ähli maglumatlary almaga ýardam edýär. Ýeke Fransiýanyň gozganmaýan emläk bazarynda näçe sany desganyň bardygyny göz öňüne getiriň. Ýüz müňlerçe! We bularyň ýagdaýy hemişe üýtgeýär: käbiri satylýar, täzesi peýda bolýar. Käwagt bolsa mahabat maksady bilen galp teklipleri hem gabat gelýär. Bular ýaly ýagdaýda jaýyň hakykatdan hem bardygyna göz ýetirmek üçin ähli zatlaryň anyklamaly bolýar. Biz ynamdar hyzmatdaşlary bilen iş alyp barýarys we hemişe maglumat bazamyzy täzeläp durýarys. Biz, ynha ajaýyp öý diýmäni, bildirişde ähli maglumatlary jemlenmegine çalyşýarys, goşmaça suratlaryny, wideo ýerleşdirýäris.

Ýewropada hiç zat “garaňkylykda” ýerine ýetirilmeýär. Jaý satýan adam hemişe hukukçynyň, notariusyň gatnaşmagynda amala aşyrylsa-da galp mahabat bildirişleri gabat gelýär. Bular ýaly çylşyrymly ýagdaýda gaty kyn bolýar we bu ýagdaýda biziň öz hünärmenimiz iş alyp barýar. Biziň web sahypamyzda adamlar wagtyny biderek sarp etmezligi üçin, diňe aktual bildirişleriň bolmagyna çalyşýarys. Bu bolsa her günki zähmeti talap edýän wezipe bolup durýar. Belli bir ýurtda satyn alynýan öýüň aýratynlyklary barada hem maglumatlary müşderilerimize ýetirmek hem wajyp bolup durýar. Tölenýän salgytlary, jaýy ideg etmek barada maglumatlary hem müşderimize ýetirýäris. Bularyň ählisi barada biziň portalymyzda okap bilersiňiz. Uzakda bolan müşderileri üçin bu iň amatly görnüşi bolup durýar.

– Ýagny, Siziň pikiriňizçe alyjylar üçin web sahypalary aýgytly rola eýe bolup durýar diýip hasap edýärsiňiz?

– Aýgytly däl-de hämiýetli roly oýnaýar. Islendik alyjy üçin – bu öý bilen ilkinji tanyşlygy, ilkinji täsiri bolup durýar. Şondan soňra ol biziň bilen baglanyşyp, gyzyklandyrýan soraglaryny berýär. Elbetde şol bada jogap bermek kyn. Bu ýagdaý bolsa “geliň, görüň” diýmek bilen çözülmeýär, sebäbi daşary ýurt adamsy öýüň özüne amatlydygyna doly göz ýetirip, soňra ýola düşýär. Biziň wezipämiz ony gamlandyrmazlyk bolup durýar we şol maksat bilen biz başga-da birnäçe görnüşlerini ätiýaçda saklaýarys. Biz agentlikleri we öýüň eýelerini “gysyp” diýen ýaly maglumatlary alýarys. Biz satsam bolýar diýen ýörelge esasynda iş alyp barmaýarys. Biz müşderiniň syýahatyny gurnamagymyzdan öň mümkin bolan ähli maglumatlary jemleýäris.
Gozganmaýan emläge bolan saýlaw gaty uly. Olaryň ählisine belet bolmak zerur, gerekli filtrlaryny ulanmaly. ArendaLazur TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň programmistleri gözleg programmasynyň kämilleşdirmegine çalyşýarlar. Biziň eýýamymyzda bu mümkin zat ýöne aňsatlyk bilen däl. Bu bizde eýýam bar zat we biziň entek işlemeli zadymyz. Müşderileri hemişe özüne oňaý tapan ýerine gelýärler: özüniň we biziň hünärmenimiziň golaý görnüşini tapjak ýerine ýüz tutýarlar. Bular ýaly portala eýe bolmak – uly bähbit bolup durýar, sebäbi bahalary hemme ýerde deň, çalt işleýän web sahypany tapmak bolsa seýrek bolýar.

– Özüniň bar bolan döwründe Siziň kompaniýaňyz bagalaşan iň uly geleşigi haýsy diýip bilersiňiz?

– Monakodaky täze gurluşykdaky köp derejeli öýi. Şol döwür onuň bahasy 90 million ýewro, häzir bolsa eýýam 115 milliona bardy.

– Bu ýylda hem, aýratyn we ýatdan çykmajak waka ýa-da tomaşa ýagdaý boldumy?

– Özbegistandan bir zenan bir hepdeläp Monakodaky öýler barada sorag barysyny berdi. Soňra bolsa oňa asla Monakoda däl-de, ýagny Hytaýyň şäheri bolan Makaoda öý gerekligi ýüze çykdy. Ýene-de gyzykly müşderilerimiziň biri öý saýlanynda özüniň iki sany “aýratyn tohum” pişigine gabat gelmegi boýunça saýlady. Onuň üç sany çagasy hem bar ekeni. Netijede ol biziň bilen iş alyp barmagyny bes etdi. Biz hem rahatladyk. Ýöne bular ýaly ýagdaýlar gaty seýrek duş gelýär. Bize ýüz tutýan müşderilerimiziň köpüsi gaty gyzykly şahslar bolup, soňra biz bilen dostlaşýarlar.

Gürrüňdeşligi bitarap habarçy Nikolaý Danilow alyp bardy

Compare

Enter your keyword