Недвижимость за рубежом

Поиск недвижимости по странам

Популярная недвижимость

Не нашли подходящий объект?

Оставьте заявку на подбор – компании сами предложат вам недвижимость по вашим требованиям.

[contact-form-7 404 "Not Found"]

Новости рынка недвижимости

AlexandrDrog.ArendaLazurTM (CofranceSARL) arkaly Irlandiýada öý kärendä aldyk.Bize zerur görnüşini çalt tapdylar, internet arkaly fotosuratlary ugratdylar. Janly görüşi hem operatiw ýagdaýda guradylar, zerur möhlet üçin şertnamany baglaşmaga ýardam berdiler, hukuk aýratynlyklaryny düşündirdiler. Poçtamyza we telefonumyza hiç hili spam ugratmaýandyklary üçin aýratyn minnetdarlyk bildirýärin, bu ýagdaý bolsa biziň zamanamyzda örän seýrekdir.

Read More

2018-nji ýylda gozganmaýan emlägiň ýewropa bazarynda nämeler bolup geçdi?

Fransiýada, Monakoda öý, jaý, ýaýla satyn almak kimdir biri üçin arzuw, kimdir biri üçin – hakykat, käbirleri üçin bolsa – söwda bolup durýar. Bu gün Ýewropa bazarynda nämeler bolup geçýär, günbatar agentlikleriniň iş ýagdaýyny, kim we näme satyn alýandygyny bilmek isledik. Şonuň üçin, biz, Ýewropada gozganmaýan emläk boýunça öňdebaryjy araçy kompaniýasy bolan ArendaLazur TM (Cofrance […]

Read More

Daşary ýurtda gozgalmaýan emläk

Daşary ýurduň gozgalmaýan emlägi hemişe maýa goýum goýujylary özüne çekýärdi: kimdir biri daşary ýurtda hemişelik ýaşamak üçin öý ýada jaýy satyn alýar, beýlekileri bolsa tomusky ýada gyşky dynç alyş üçin obýektler gyzyklandyrýar. Käbirleri söwda maksatly gozgalmaýam emlägi ýada taýýar işi hususy işini ösdürmek üçin satyn alýarlar. Gysga we uzak möhletleýin kireýine berilýän ýerler hem uly meşhurlyga eýedir.

ArendaLazur TM (Cofrance SARL) halkara dellaly  12 ýyldan gowrak wagt dünýäniň gozgalmaýan emläk bazarynda işleýär. Kompaniýanyň planetanyň 117 ýurdunda wekilhanalary bar, hünärmenleri bolsa 34 dilde gürleýärler. Bu pudakda “açary bilen” ýokary hilli hyzmatlar üçin bize ýüz tutuň.

 

Daşary ýurtda gozgalmaýan emläk: maýa goýum özüneçekijiligi

Näme sebäpden daşary ýurtdaky obýektler alyjylary özüne çekýärler?

Russiýalylaryň aglabasy ýowuz aram klimatyny ortaýerdeňiz ýa-da tropiki klimata çalyşmak, deňze ýakyn ýere göçmek ýa-da ýylyň islendik paslynda deňizýakasyndaky hususy öýüne ýa-da jaýyna baryp gaýtmak mümkinçiligini gazanmak isleýärler.

 

Käbirleri uzagyndan kireýine bermek üçin, meselem, Dominikanda ýa-da Gresiýada häzirkizaman ýokary hilli apartamentleri satyn alýarlar: bu bolsa oňat girdeji getirýär.

Telekeçilige höwesi bolan maýa goýum goýujylar daşary ýurtda hususy işlerini açýarlar ýa-da Ýewropada we Aziýada eýýäm hereket edýän restoranlary, kafeleri, myhmanhanalary satyn alýarlar. Käbirleri bolsa daşary ýurtda iş tapynyp, soňra oňa ýakynrak ýerde öý satyn alýarlar.

ArendaLazur TM (Cofrance SARL) hünärmenleri daşary ýurtda gozgalmaýan emlägi islendik zerurlykdaky isendik obýekti tapmaga kömek ederler. Biziň ygtyýarymyzda – tygşytly görnüşleriň, şeýle hem kaşaň görnüşleriň giň göwrümi bar:

  • Dünýäniň islendik ýurdunda islendik otag sany bolan öý;
  • Ýer bölekleri bolan ýa bolmadyk, şäherde ýa-da oba ýerlerinde hususy jaýlar;
  • Eksklýuziw gozgalmaýan emläkler – häzirki zaman kaşaň taunhauslar, galalar we gadymy willalar;
  • Ofis ýerleri;
  • Myhmanhanalar we köpçülikleýin naharhanalary;
  • Ýer bölekleri.

Birnäçe ýurtlarda gozgalmaýan emlägi satyn almagyň artykmaç taraplary bu – satuwa çykarylan obýektleriň arzan nyrhlary. Meselem, Bolgariýada oňat hilli öýi ýa-da jaýy Moskwadaky hereket edýän nyrhlardan has arzan bahadan almak mümkindir. Horwatiýada – netijede syýahatçylyk şäherçesi guruljak, gymmat bolmadyk ýer bölegini, Çehiýanyň Praga şäherinde – ýaşaýyş jaý toplumynda apartamenti 100 000 ýewrodan hem arzan bahadan almak mümkin.

Russiýanyň maýa goýum goýujylary dil böwedi päsgelçilik bolmadyk ýurtlaryň, meselem Latwiýanyň ýaşaýyş jaý binalaryna, gozgalmaýan emlägine goýum goýýarlar.

 

Daşary ýurtda gozgalmaýan emlägi kireýine almak

ArendaLazur TM (Cofrance SARL) dellalynyň hünärmenleri dynç alyş ýa-da iş sapary üçin ajaýyp ýaşaýyş jaýyny 1 gije-gündizden başlanýan möhletde kireýine almak üçin saýlarlar. Arzalar hepdäniň 7 güni  gije-gündiz kabul edilýär. Bize indikileri habar ediň:

  • haçan we nirä gitmegi meýilleşdirýärsiňiz;
  • sizi nähili ýaşaýyş jaýy gyzyklandyrýar;
  • siz bilen näçe adam ýaşar;
  • kireýine aljak möhletiňiz;
  • serişde.

Tiz wagtyň dowamynda siz üçin hödürleme taýýarlanar: siz öz halan obýektyňyzy saýlap ony kireýine alyp bilersiňiz. Biz ylalaşygyň arassalygyny, işiň ýokary tizligini we üstüne goşulmazdan hakyky nyrhy kepillendirýäris.

ArendaLazur TM (Cofrance SARL)-yň toplumlaýyn hyzmatlary

Kompaniýa daşary ýurt gozgalmaýan emlägi pudagynda hyzmatlaryň giň görnüşlerini hödürleýär.

Siziň saýlap alan obýektyňyzy baryp görmegiňiz bilen bagly taýýarlyklary biz öz üstümize alýarys. Ol öz içine:

  • gerek bolan resminamalaryň taýýarlygy – wizany, ätiýaçlandyrşy taýýarlamak, uçara petek buýurmak ýa-da kompaniýanyň hususy awiasiýa hyzmatlary;
  • ylalaşyk baglaşylýan döwürde ýaşamak üçin jaýy kireýine almak ýa-da myhmanhanada otag bronlamak;
  • ulag hyzmatlary, şol sanda gozgalmaýan emlägi dikuçarda gözden geçirmek;
  • terjimeçiniň, hukukçynyň, notariusyň ýa-da dellalyň kömegi.

Ýokary abraýy bolan professional kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk, daşary ýurtda öýüň, jaýyň we beýleki ýeriň gözlegine gitjek wagty tygşytlanjagyny, daşary döwletde hereket edýän kanunçylyk esasynda ylalaşyk baglanyşyljagyny we diňe oňat duýgulary oýarjagyna güwä geçip bilýäris. Iň gowylara ynanyň!

Compare

Enter your keyword