Коммерческая недвижимость за рубежом

No item found
No item found

Поиск недвижимости

Daşary ýurtly maýa goýum goýujylar daşary ýurtda islendik söwda maksatly obýektleri satyn almaga hukugy bardyr – ofis jaýlary, dükanlar, myhmanhanalar, ammarlar we önümçilik desgalary.

Bu hili gozgalmaýan emlägiň satyn alynmagy daşary ýurtda – ýaşaýyş maksatly obýektden has uly girdeji getirip biljek amatly maýa goýum.

Daşary ýurduň raýatlary söwda maksatly jaýy soňy bilen kireýine bermek üçin, şeýle hem hususy ulanyş üçin satyn alyp bilerler. Bu ýagdaýda maýa goýum goýujy diňe bir düşewüntli işiň başyny başlaman, eýsem, işinden hem uly lezzet almaga mümkinçilik alýar.

Ortaça alamyzda, meselem, Gresiýada myhmanhanalaryň girdejisi 7%, Germaniýada supermarketleriň girdejisi– 6,6%, Mýunhende öýleri kireýine bermegiň girdejisi-3,9%, Berlinde girdeji öýüniňki-2,8% deňdir.

купить офис за рубежом

Daşary ýurtda söwda maksatly gozgalmaýan emlägi satyn almak ArendaLazur TM (Cofrance SARL) halkara dellalynyň kömegi bilen mümkindir. Biz:

  • Hünär bazarynda 12 ýyldan gowrak wagt işleýäris;
  • Dünýäniň söwda maksatly gozgalmaýan emläk obýektleriniň giň gerimli toplumy bar;
  • Planetanyň 117 ýurdunda wekilhanalarymyz bar we 34 dilde gürleýäris;
  • Her bir müşderiniň islegini göz öňünde tutýarys we hat-da iň agyr işleri hem amala aşyrýarys.

купить гостиницу, купить отель

Daşary ýurtda söwda maksatly gozgalmaýan emläkleriň nyrhy

Söwda obýektleriniň nyrhy olaryň görnüşi, ýerleşişi, meýdany we beýleki şertler bilen baglanyşyklydyr. Birnäçe häzirki wagt mysallary getireliň.

Ispan şäheri bolan Marbelýada, alyp satmak maksady bilen 3 200 kwadrat metr meýdany bolan bina 9 000 000 ýewro bahadan bazara çykaryldy.

Türkiýede Alanýa kurortynda ofisleri we dükan üçin ýerleri 135 000 ýewro bahadan almak mümkin.

Kiprde, Limassoleda söwda maksatly gozgalmaýan emlägi – köpgatly, meýdany 4 710 kwadrat metr bolan, birinji gatda dükan üçin ýeri bolan täze desgany 27 000 000 ýewro bahadan almak mümkindir.

Sloweniýada Lýutomerada meýdany 457 kwadrat metr bolan dükan alyjylara 640 000 ýewrodan hödürlenilýär.

Italiýada Komo kölüniň kenarynda, meýdany 470 kwadrat metre deň bolan myhmanhana 3 300 000 ýewrodan satuwa çykaryldy.

взять коммерческую недвижимость в аренду

ArendaLazur TM (Cofrance SARL) tarapyndan daşary ýurtda söwda maksatly gozgalmaýan emläk

Biziň kompaniýamyz bilen hyzmatdaşlyk size nähili obýektiň gerekdigi baradaky maglumatdan başlaýar.

Bize indikileri aýdyň:

  • gozgalmaýan emlägiň görnüşi;
  • onuň ýerleşýän ýeri;
  • obýektiň meýdany;
  • haýsy maksat bilen satyn alýarsyňyz, girdejiniň garaşylýan derejesi;
  • serişde.

Siziň tarapyňyzdan hödürlenen maglumatlaryň esasynda, biz size gerekli görnüşi saýlarys. Kompaniýanyň hyzmatlarynyň tölegi elektron geçiriş esasynda amala aşyrylýar.

магазин за границей

Eger-de siz söwda maksatly gozgalmaýan emlägiň obýektyny baryp görmek isleýän bolsaňyz, biz siziň daşary ýurda gitmegiňizi gurnarys. Biziň hyzmatlarymyza degişli:

  • dellal tarapyndan hususy awiasiýa – biznes-jetler, dikuçarlar;
  • wizany, ätiýaçlandyrylyşy resmileşdirmek, uçara petek almak, myhmanhanada otagy bron etmek, dünýäniň islendik ýurdunda ýaşaýyş jaýyny kireýine almak;
  • biziň kompaniýamyz tarapyndan professional terjimeçiler we hukukçylar;
  • ArendaLazur TM (Cofrance SARL) kompaniýasynyň wekili, ylalaşyk baglaşylýan wagtynda berk kanunçylyk düzgünleriň ýerine ýetirilmegine gözegçilik eder.

Mundan başga-da biz salgyt tölemeler, daşary ýurt gozgalmaýan emläk obýektini ätiýaçlandyrmak bilen bagly ähli meseleleri çözmäge kömek ederis, daşary ýurtda nähili düşewüntli iş açmagy maslahat bereris. Bize ýazyň ýa-da jaň ediň – ilkinji maslahat mugt geçirilýär!

Compare

Enter your keyword