Žuan-lýö-pende gozgalmaýan emläk
Žuan-lýö-peniň gozgalmaýan emläkleriniň aýratynlyklary suratlandyrylan: görnüşleri, kurortyň bölekleri, takmynan nyrhlar. «Cofrans» kompaniýasynyň kömegi bilen ýaşaýyş jaýynyň satyn almak/kireýine almak bähbitleri delillendirilen.
Diňe saýlananlaryň ygtyýary bolan ýerlerde dynç almak rus adamlaryna «Cofrans» kompaniýasyna ýüz tutmak arkaly mümkin bolar. Biz size Žuan-lýö-pende ýaşaýyş jaýyny satyn almaga kömek ederis. Bu kurortyň satlyga we kireýine niýetlenen gozgalmaýan emläkleri gurply eýeleriň ähli talaplaryna laýyk gelýän desgalar bilen görkezilendir.
Žuan-lýö-pen: ol nirede we näme bilen meşhur

Žuan-lýö-pen – Antib şäheriniň kurort bölegidir. Nissa howa menzilinden 14 kilometr uzaklykda bolup, ol burunda ýerleşýär. Bu zynatly kurortyň 2 esasy aýratynlygy bar. Bu ýerde ýahtasy bolan millardlaryň eýeleri ýaşamagy halaýarlar: sebäbi kurortyň ýanynda uly marina bar. Žuan-lýö-pen – Halkara jazz festiwalynyň merkezi: jazz söýüjiler her ýylyň iýul aýynda dünýäniň iň meşhur jazzmenlerini diňläp bilerler.
Deňizýakasynyň beýleki şäherçeleri bilen deňeşdireniňde bu kurortyň artykmaçlyklary köp. Bu hereketiň köp bolmadyk, çagalar bilen bile ýaşamak üçin rahat ýer. Beýleki ýerleriň daşly kenarlaryndan tapawutlylykda, plýažlar ak ownuk çäge bilen örtülen.
Kurortda we onuň töwereklerinde gyzykly zatlar köp: Napoleonyň gelmegine bagyşlanan ýadygärlik belliginden başlap uly akulaly akwariumlara çenli. Delfinleri synlamak mümkin bolan deňiz parky bar. Pikassonyň muzeýi işleýär.
Gozgalmaýan emläk: nirede

Žuan-lýö-peniň gozgalmaýan emläk bazary öýleriň, willalaryň, jaýlaryň, apartamenleriň satyn almak we kireýine almak hödürlemelerinden püre-pürdir. Saýlaw örän giň:
- Sabel köçesiniň töweregindäki sada osobnýaklar we Rostan hem-de Tanit şäher bölekleriniň zynatly willalary.
- Bijou plage, Cap d’ Antibes şäher bölekleriniň deňze golaý gymmat bahaly gozgalmaýan emläkleri.
- Pinede ýaly kurort merkzine ýakyn abraýly şäher bölekleriniň apartamentleri.
- Tygşytly görnüşler – öýler. Žuan-lýö-pende olary La Colle şäher bölegindäki seýilgähli we basseýnli rezidensiýalaryndan alýarlar.
Gozgalmaýan emläk: näme we näçeden

Žuan-lýö-pende ýaşaýyş jaýlaryny täze gurluşyklardan şeýle hem ikinji bazarlardan satyn almak mümkin. Nyrhlar durnukly. Her bölegiň desgalarynyň nyrhy beýleki deňizýaka kurortlarynyňkydan, hatda Antibyň beýleki ýerleriniňkiden hem pesdir.
Plýaža ýakyn jaýlaryň nyrhy 698,000 € – dan başlanýarlar. Ondan biraz daşlykda basseýnli willalar 558,000 € – dan başlap hödürlenilýär.
Öýleriň minimal nyrhy – 105,000 € – dan başlanýar (lodjaly apartamentler), ýöne deňiz panoramaly 8,500,000 € apartamentler hem – çäk däl. Saýlaw – islendik görnüşe, ýaşa, maşgala gurluşyna görä. Plýažyň golaýynda studiýa, 2- 3- 4- otagly dürli ýerlerdäki öýler, deňze çykalgaly birinji deňiz çyzygynda ýerleşýän täze gurluşykdaky apartamentler – bularyň ählisi ýokary derejeli, hemmesi rahat dynç alşa gönükdirýär.
Žuan-lýö-pende gozgalmaýan emläkleriň nyrhlary çäklendirilen däldir: myhmanlar we hyzmatkär topary üçin öýler bolan mülkler 20-40 million ýewrodan başlanýar, hususy plýažlary bolan willalar – 50 million ýewrodan başlanýar.
Nähili aljyramaly däl?

«Cofrans» size dogry saýlawy amala aşyrmaga ýardam eder. Biz hödürlemeleri kadalaşdyrarys, görnüşleri saýlarys, ipotekany resmileşdirmäge kömek ederis, salgytlar we hukuk taraplaryndan maslahat ederis, ylalaşygyň ähli tapgyrlaryny «açary bilen» ýerine ýetireris.
Eger-de Žuan-lýö-pende öý satyn almagy meýilleşdirýän bolsaňyz «Cofrans» ýüz tutuň. Saýlama gozgalmaýan emläkleriň bazarynda uly tejribe we ýapyk sanawlara bolan ygtyýar müşderiniň ähli talaplarynyň ýerine ýetirilmegini kepillendirýär.