Wilfranş-sýur-merde gozgalmaýan emläk

Wilfranş-sýur-mer – göräýmäne Nissa (4 km) we Monakonyň (14 km) arasynda ýerleşýän sekiz müň adamsy bolan Fransiýanyň Lazur deňizýakasynda ýerleşýän sada we ykjam şäher. Aslynda bolsa kinomatograflaryň ünsüni birnäçe gezek özüne çeken Fransuz Riwýerasynyň hereketli, şowhunly, işjeň we abraýly kurortydyr.

Bu şäher “iň gowy fotogenik” adyny ýöne ýerden alan däldir, ol kenar boýunça dogan-goňşylarynyň ählisinden ekrana ýaraşyklydyr. Wilfranşy Albert Hiçkogyň “Ogruny tutmak” filminde Keri Grantom we Greýs Kelli bilen, Şonn Konneriniň düşen “Hiç haçan hiç haçan diýme” filminde, “Ronin” filminde Robert de Niro bilen, Maýkl Duglasyň düşen “Niliň merjeni” atly filminde we beýlekilerde görmek bolar. Bu ýere meşhur prodýuserlar soň telewizorlarda we reklama germewlerinde tomaşa edip boljak 5 minutlyk wideolary düşürmek üçin gelýärler.

Hakykatdan hem Wilfranş örän ajaýyp we giň görnüşlere eýedir – Mon Alban galasynyň meýdançasyndan Lazur deňizýakasyna tä onuň goňşy döwlet bilen serhedine çenli görmek mümkin, Sen Mişel belentliginden bolsa Nissa we onuň gawanyna ünsüňi çekiji görnüş açylýar, tomusda açyk howada bu ýerden Korsika daglaryny synlamak mümkin.

Wilfranş-sýur-mer özüniň gözel peýzažlary, täsin tebigaty we tämiz plýažlary bilen Lazur Kenarynyň kaşaň kurortlaryna bäsdeşlik edýär. Ýerli desgalarda we myhmanhanalarda hödürlenmeleriň nyrhy, meselem Nissanyňkydan ýokarydyr. Beýleki kurortlaryň ses ýetim uzaklykda ýerleşýändigine garamazdan, ýönekeý syýahatçy ýola goşmaça wagt gidirmezden, Wilfranşyň deňizýakasyndaky 6-7 restoranlaryň birinde günortanlyk ýa-da agşamlyk ediner.

Вильфранш-сюр-Мер

Erkin şäher

Wilfranş-sýur-mer özüniň “erkin şäher” titulyna doly laýyk gelýär. Öz taryhynyň köp ýylynda uly bolmadyk oturymly ilat bir döwletiň elinden başga bir döwletiň eline geçdi – onuň üçin Italiýa we Fransiýa söweşdi. Rus gämileri hem Wilfranşy Fransiýanyň Lazur kenarynyň oňaýly gämi duralgasy hökmünde ulandylar.

Bütin Ortaýer deňzinde iň çuňsuwly gawan bolup (95 metr), Wilfranşdaky gämi duralgasy şol döwrüň käbir duty-free-si, erkin söwda zolagy bolup galypdyr.

Şeýle hem, bu gün Wilfranş 150 metrlik superýahtalary, çuňsuw gämilerini, şeýle hem, meselem kruiz-laýnerlerini özünde myhmançylyga almaga ukyply. Beýle äpetleriň “duralgasy” hakykatdan-da aklyňy haýrana goýýar.

Taryhyň şeýle bir wakasy has-da gyzykly, Wilfranş gämi duralgasyna knýaz Borisyň  ýolbaşçylygynda ýüzüp gelen gujurly rus kreýseri “Awrora” bilen “Tanydyr”. Resmisaparyň maksady meşhur gämäde münen Lýubeniň prezidenti bilen duşuşuk bolupdyr.

Fransiýanyň Lazur deňizýakasynyň we Italiýanyň kenarýaka zolaklarynyň köp ýaşaýjylary dynç günlerinde Wilfranşa gitmegi we suwa düşmegi saýlaýarlar. Aslynda, bu ýeriň köp zadynda- binagärçiliginde, aşhanasynda, adamlaryň özüni alyp barşynda Italiýanyň täsiri duýulýar.

Wilfranşyň merkezi plýažy köp sanly syýahatçylaryň we çagaly maşgalalaryň ünsüni deňze ýeňil “girelge” bilen çekýär. Ownuk çagyl daşlar aýagyňa çümmeýär we çäge ýaly gaty gyzmaýar. Bu ýerde hemişe rahat dynç alyp bolar.

Ýöne bu ýerde ýaşamak üçin ýeri öňünden belläp goýsaňyz gowy bolardy, sebäbi myhmanhanalaryň otag gaznasy çäksiz däl we “möwsüm” wagty olaryň nyrhy ýokarydyr. Şeýle hem awtoulag duralgalary bilen biraz meseleler ýüze çykyp biler.

Esasy plýaädan başga-da gawanda ýene bir uly bolmadyk – Plage de la Darse plýažy hem bar. Bu ýer örän ajaýyp bolup, suwa düşmek üçin hem rahatdyr.

Вильфранш-сюр-Мер

Ünsüňi çekiji Wilfranş

Fransuz Riwýerisiniň beýleki şäherlerinde bolşy ýaly, Wilfranşyň esasy gözellikleri hem onuň beýiklikde ornaşan ýüreginde, taryhy merkezinde ýerleşýär. Dar, egrem-bugram, daşly ýodajyklar kert daga galyp deňizden gidýärler, soňra bolsa orta asyr port şäheriniň romantikasyny döredip ýene deňze düşýärler.

Wilfranşyň merkezinde Mukaddes-Mişeliň Buthanasy ýerleşýär. Bu ýerde ýurduň iň gadymy keramaty – 1790-njy ýyldan başlap asyrlar mirasyny emele getirýän buthananyň “sesi” saklanýar – ol gadymy organ.

Wilfranşa gelip, Mukaddes Petriň kiçijik buthanasyna üns bermezlik mümkin däl. Asyrlaryň dowamynda bu ýerde balyk tutmak üçin ulanylýan serişdeler saklanypdyr – torlar, gaýyklar, çeňňekler, soňra baş ybadathana täzeden dikeldilipdir we onuň diwarlary Žan Kokto tarapyndan sünnälenipdir.

Wilfranşyň iň ýatda galyjy gözelligi diýip, onuň tümlük gümmezine düşen ýolagçylar üçin hiç gutarmajak bolup görünýän “tüm köçe” Obskýurydyr. Has dogrusy, köçe 18-nji asyryň arkalary bilen doldurylan ýerasty labirinti ýatladýar. Rýu-Obskýur ýöne ýerden gizlin tunneli  ýa-da bomba gaçybatalagysyny ýatladanok – ony faşist Germaniýasy bilen uruş alnyp barlanda gaçybatalga hökmünde ulanypdyrlar. Köçe göni şäher merkezine çykýar.

Wilfranşda bolmak bu – Lazur kenarynyň zynatly we gymmat şäheretek kurortlarynyň howasyny duýmakdyr – olar şäheriň aýaplylygy we tebigat gözellikleri, iň arassa birýuza deňzi we plýažlar. Bu gymmatllyklar görmek üçin dnüýäniň ähli ýerinden adamlar gelýär.

Compare

Enter your keyword