AlexandrDrog.ArendaLazurTM (CofranceSARL) arkaly Irlandiýada öý kärendä aldyk.Bize zerur görnüşini çalt tapdylar, internet arkaly fotosuratlary ugratdylar. Janly görüşi hem operatiw ýagdaýda guradylar, zerur möhlet üçin şertnamany baglaşmaga ýardam berdiler, hukuk aýratynlyklaryny düşündirdiler. Poçtamyza we telefonumyza hiç hili spam ugratmaýandyklary üçin aýratyn minnetdarlyk bildirýärin, bu ýagdaý bolsa biziň zamanamyzda örän seýrekdir.

Igor Weýdew.Görämäge adaty şereket ýaly, uzyn möhletli kärendä almak barada gürrüň gozlaganda ähli resminamalary biziň üçin fransuz dilinden terjime etdiler. Her kim munuň mümkin däldigini aýtsa-da, Parižda öýi çalasynlyk bilen tapdylar. Mümkin bolmaz ýaly zat ýok: bir günüň dowamynda gerek görnüşlerimizi dykgatymyza ýetirdiler. Belki biz kanagatly – ýönekeý müşderilerdiris? Ynha, indi bu ýerde ýaşaýarys we hezil edýäris. Islendik mesele babatda elmydama “Kofrans” şereketine jaň etmek bolýar, şereket fransuz şereket bolsa-da rus dilinde gürleşýän işgärleri bar.

Marian.Italiýa syýahat edenimizde birnäçe gezek  ArendaLazur TM şereketine hususy öý tapmak haýyşy bilen birnäçe gezek ýüz tutduk. Örän operatiw ýagdaýda işleýärler, elmydama aragatnaşykda we ýardam bermäge taýýar.

Stefan Li.Ottawada kireýine öý aldyk, ArendaLazur TM (Cofrance SARL) brokerine şertnamany gözlemek we baglaşmak üçin ýüz tutduk. Bu şereketi uzak wagtdan bäri tanaýarys, çünki olar arkaly üç ýyl ozal Kannda willa kärendä aldyk. Aldawa düşmejegimizi bilýändigimiz sebäpli arkaýyndyk. Gerek sebitimizde ajaýyp öý tapdyk.

Nikolaý Ç.Şereket mese-mälim baý müşderilere gönükdirilendir, çünki meniň Horwatiýada dynç almak üçin ýaşaýyş öýüni tapmak haýyşyma birnäçe elita tekliplerini ugratdylar. Elbetde, minnetdar, emma has arzan görnüşler hem örän köp…

Silwiýa Tadewosýan.ArendaLazur TM şereketi arkaly Goada amatlylyk bilen dynç aldyk. Bu ýeriň çylşyrymlydygyn-a bilýärsiňiz, şol sebäpli hem ýaşamak üçin öý saýlawyna örän ünsli çemeleşdik. Netijede bize arassa, kemsiz peýzažly, daşarda gezmeläp ýören sygyrlar we äpişgäniň aşagynda gygyryp duran horozlar bolmadyk ajaýyp willany kärendä almaga ýardam berdiler. Dogrymyzy aýtsak, şonda-da horajyk bir pişik geldi ))). Şereket bolsa örän gowy.

Lise Toner.“Kofrans” şereketi arkly Nepala gezelenç sargapdyk. Uçuşy guradylar, mysanyp öýlere ýerleşdirdiler, esasan hem, Lumbinide monastyra gezelençleri guradylar, ondan başga-da pile münmek we treking ýaly güýmenjeleri hem guradylar. Hyzmatlaryň bahasy arzan däl, çünki şereket VIP-syýahatlar boýunça şahsy meýilnamalary teklip edýär, her bir aýratynlygy ylalaşýarlar. Eger-de size standart gezelenç-bukjasy gerek bolsa, ondabu ýere ýüz tutmagyň zerurlygy ýok. Eger-de siz Antarktida gitmek isleýän bolsaňyz, onda baş üstüne.

Timur Waşidze. Güler ýüzli menejer, düşünme, esasan hem – mynasyp jaý teklipleri. ArendaLazur TM-ny höwes bilen maslahat berýärin.

Nataliýa Ponomarýowa. Cofrance SARL arkaly üç aýlyk möhlet üçin Korfuda öý gözlendik. Ähli kynçylyk -Lazur kenardaky willalara öwrenişen ata-enelerimiz üçin eksklýuziw görnüş tapmakdady. Gresiýa bular ýaly tekiplere baý däl, bu ýerde häzirkizaman öýler gaty seýrek. Emma şereket arkaly biz gözleýän zadymyzy tiz bolmasa hem tapdyk. Şertnamany internet arkaly baglanyşdyk, ada baranymyzda bizi kaşaň ulagda garşy aldylar we öýüň girelgesine çenli eltdiler.

Endrýu Saks.Umuman aýdylanda “Kofrans” bilen özara hyzmatdaşlyk bize ýarady. Emma, belki reklama sebäpli, men has üýtgeşik zatlara garaşdym. Umuman bolsa, bu adaty ýewropa broker şereketi bolup, ol siziň sargydyňyza görä gozgalmaýan emläk agentligi arkaly öý gözleýär. We üstünlik bilen tapýar… Sag boluň!

Compare

Enter your keyword