Аренда квартир и апартаментов за рубежом

No item found
No item found

Поиск недвижимости

Daşary ýurtda jaýlar syýahatçylaryň dürli kategoriýalaryny özüne çekýär: kimdir biri şol bir görnüşdäki myhmanhana otaglaryndan ýadap, dynç alyş wagtynda rahat apartamentleri kireýine alyp, öýüňkä ýakyn şertlerde ýaşamagy halaýarlar, beýlekiler bolsa iş sapary ýa-da okuw wagty dowamynda jaýlary kireýine alýarlar.

Daşary ýurtda jaýy islendik möhlet üçin kireýine almak mümkin – bir gijelik, bir aýlyk ýa-da has uzak möhlet üçin.

апартаменты за границей

Dünýä ýüzünde gozgalmaýan emlägi kireýine bermek boýunça hyzmatlary ArendaLazur TM (Cofrance SARL) halkara dellaly hödürleýär. Biziň toplumymyzda – islendik görnüşde köp sanly jaýlar bar:

  • ykjam şäher studiýalary;
  • täze gurlan toplumlarda bir, iki, üç otgaly öýler, ýa-da taryhy bolan jaýlar;
  • abraýly ýaşaýyş jaý toplumlarynda ýa-da deňizýaka häzirkizaman kurortlarynda VIP görnüşler.

Biz birinji derejeli şeýle hem ikinji derejeli ýaşaýyş jaýlarynyň bazarynda işleýäris. Bize ýüz tutmak bilen siz, ähli islegleriňize laýyk gelýän ýaşaýyş jaýyny kireýine alyp bilersiňiz.

Аренда апартаментов за границей

Daşary ýurtda ýaşaýyş jaýyny nähili kireýine almaly?

Eger-de sizi jaýy kireýine almak gyzyklandyrýan bolsa, bu hakda dellala size amatly bolan usulda habar ediň: internet sahypada arza galdyrmak bilen, messenjer, telefon ýa-da e-mail üsti bilen. Biziň wekilhanalarymyz dünýäniň 117 döwletinde hereket edýärler: arzany kabul edip, haýal etmän siziň bilen aragatnaşyga çykar.

Bize indiki görkezilen maglumatlar gerek bolar:

  • kireýine alynjak ýaşaýyş jaýynyň ýerleşýän ýeri;
  • otaglaryň sany, beýikligi;
  • ýaşaýyş jaýyny kireýine almak isleýän möhletiňiz;
  • içki bezege we daşky gurşawa bolan aýratyn islegleriňiz;
  • pul möçberi.

Arza gysga wagtyň dowamynda işlener, soňra siz doly maglumaty we suratlary saklaýan söwda hödürlemesini alarsyňyz. Göwnüňize ýaran ýaşaýyş jaýyny saýlaň, ArendaLazur TM (Cofrance SARL) hyzmatlaryny nagt däl görnüşde töläň we daşary ýurt durmuşyndan lezzet alyň!

Eger-de siz ýaşaýyş jaýyny uzak möhletleýin kireýine almak meýilleşdirýän bolsaňyz, ony özüňiz baryp görmegiňiz maslahat berilýär. Munuň üçin kompaniýanyň toplumlaýyn hyzmatlary göz öňünde tutulan:

  • syýahat üçin resminamalaryň taýýarlygy – wizalar, ätiýaçlandyryş polislary;
  • uçara petek satyn almak ýa-da hususy awialaýneriň çarteri;
  • transfer ýa-da howa taksisi;
  • myhmanhanada otag bronlamak ýa-da birnäçe görnüşlerden saýlaw amala aşyrylmaly ýagdaýynda, gysga möhletleýin ýaşaýyş jaýyny kireýine almak;
  • kireýine bermek ylalaşygy baglaşylanda we ýaşaýyş jaýynyň açary gowşurylanda kompaniýanyň ynanylan wekiliniň bolmagy;
  • terjime hyzmatlary – isleg boýunça

арендовать апартаменты за рубежом

Daşary ýurtda ýaşaýyş jaýlarynyň nyrhlary

Ýaşaýyş jaýyny kireýine almagyň nyrhy, onuň nirede ýerleşýändigi bilen baglydyr – ýurtlar, şäherler, sebitler, deňizden daşlygy, taryhy merkezler, onuň meýdany, ýagdaýlary we şertleri.

Dürli ýurtlarda ýaşaýyş jaýyny kireýine almagyň nyrhlary dürlidir.

Şeýlelikde, Kiprde Limassoleda meýdany 150 kwadrat metr bolan, 4 otagly, ýahta duralgasyna ýakyn bolan ýaşaýyş jaýynyň 1 aý kireýine almak nyrhy 4000 ýewro deň bolar.

Türkiýede Alanýada 2 otagly , meýdany 70 kw metre deň bolan ýaşaýyş jaýynyň bir aý kireýine almak tölegi 800 ýewro barabardyr.

Germaniýada Mýunhende meýdany 115 kwadrat metre deň bolan, 2 otagly ýaşaýyş jaýynyň 1 aýlyk kireýine almak töleg nyrhy 3000 ýewro barabardyr.

Bolgariýada Burgaseda meýdany 194 kwadrat metre deň bolan, 3 otagly ýaşaýyş jaýynyň 1 aýlyk kireýine almak töleg nyrhy 500 ýewro deňdir.

ArendaLazur TM (Cofrance SARL) hünärmenlerine 24/7 tertipde ýüz tutuň: biz elmydama hyzmatdaşlyk üçin elýeterlidiris we oňa taýýardyrys. Goý, daşary ýurtdaky ýaşaýyş jaýy amala aşan arzuw bolsun!

Compare

Enter your keyword