Kartada Biotdaky myhmanhanalar

Fransiýanyň Lazur kenarýakasyndaky Biot (iňlisçe. Biota) – örän gözel, ykjam we geň galdyryjy dag obasy bolup özüniň gaýtalanmajak “häsiýeti” we mirasyny özi bilen hödürleýän taryhy senetçileriň we ussalaryň şäheridir.

Eger-de siz Fransiýany orta asyrlarda nähili bolandygyny bilmek isleseňiz hökmany ýagdaýda Biotde ýerleşiň – onuň binagärçilik we medeni, taryhy mazmunlary şol döwürden bäri asla üýtgemedikdir. Dag gerişiniň “beýikliginde” ýerleşýänligine garamazdan – şäher ajaýyp transport elýeterliligine eýedir we “prowaslaw” Nissa we Kann şäherçelerinden birnäçe minut ýol aralykda ýerleşýär. Mundan başga-da syýahatçylar, şähere gelýän adamlar üçin uly duralga göz öňüne tutulandyr. Biot örän myhmansöýerdir.

Ol syýahatçylary daş-töwereginde köpdürli gazanlorda duş gelýän, öý aýnasyny bezeýän güller bilen garşylaýar, darajyk egrem-bugram köçejikleri daş bilen daşalan uludan uly ýapgytlary bilen haýrana galdyrýar. Daş-töweregindäki gözellikden islendik adam göni ýadawlygy ýatdan çykarar we duralgadan Sen-Sebastýan köçesi bilen ýokarlygyna galanyňda syýahatçylary garşy alýan köp sanly kafeler we dükanlar duş gelýär.

Şäheriň binägarçiligi – taryhy täsin heýkelleri, muzeýleri we öň bazar ýerleşen Arkad meýdançasy haýran galdyrýar, Biotda XII asyra degişli orta asyryň owadan arkalary bilen dolandyr. Hamala birden garşyňa tunelden haçly ýöreýji ýa-da Žan Batist Grenuý çykaýjak ýaly.

Ussalaryň şäheri

Eger-de siz syýahatdan soň Fransiýadan Zýuskindanyň romanyny we marsel sabynynyň ysyny ýatlap diňe atyr getirmek islemeýän bolsaňyz ýerli suwenir dükanlaryndan örän täsin bezelen bokallar, kürüşgeler, çylşyrymly nusgadaky küýzelerini alyp bolar, Biotda barmaklyk – size gerek zatdyr. Sebäbi şäher Fransiýadaky aýna ýasaýan esasy merkezleriniň biri hasaplanylýar.

Bu ýeriniň esasy ýädirgärligi – aýnadyr. Birnäçe kärhanalar we galereýalar şähere girilýän baýyr eteklerinde ýerleşýändir.

Çeperçilik aýna kärhanasy ekskursiýa üçin gelýänlere garaşýar. Bu ýerde ussalaryň ajaýyp işleriniň döredilişini, ussanyň elinde jansyz zatlaryň janlanýanyny, soňra köp wagtlap adamlara hyzmat etjek zatlary görüp bolar.

Biot hemişe özüniň küýzegärlik işi bilen şöhratlanyldy. Bu ýerde köpdürli çäge, palçyk, magniziýa ýataklary bar. Fokuýsy obasynda satuw üçin Antib port üsti bilen küýze we başga görnüşdäki harytlary ugradýardylar.

Биот Франция

Orta asyr mylakatlygyndan häzirkizamana çenli

Şäherde asyl nusgasyny gowy saklan roman biçüwdäki 1506-njy ýylda gurulan mukaddes Mari Magdaleniň ybadathanasy bar. XVI asyr Dewi Mariýanyň ybadathanada nagyşlanan diwary ýerleşýär.

Biotda Fernand Ležiň kubizma häzirki zaman sungat muzeýina barmak bolar. Ol Fransiýada bir suratkeşe degişli ýeketäk muzeý hökmünde şöhratlanylýar.

Bu orta asyr şäherde, Fransiýa boýunça däp-dessurlary öwrenýärler we hormat goýýarlar. Emma diňe şu ýerde gadymy maşgalalaryň kömegi esasynda Biot taryhy we keramiki muzeý açyldy. Şol ýerde bezelen – geçmişde şol ýeriň ýaşaýyş durmuşyny görkezýän suw çuwdürümlerini, banka, eşiklerini, kärlerini, suratlaryny, zatlarynyň ýygnamalaryny görüp bolýar.

Biotde şeýle hem Bonsan muzeýi bolup, bu bakja 1,0002m meýdany eýeläp Akonek maşgalasynyň ýygnamalaryny saklaýar.

Biot – ýakymly fransuz şäheri, ondan esasy güýmenjeli Fransiýadaky Lazur kenarýaka kurort ýerine “el ýetirip” bolar. Golaýynda Ýewropanyň uly güýmenjeli seýilgähi bolan Merinlend, kebelekler jeňňeli, Aý-we-Akwa seýilgähi, kiçijek prowansal fermasy, şeýle hem 18 oýda ýerleşýän golf kluby ýerleşendir.

Biot özüni ýakymly fransuz we Lazur Kenarýaka – güýmenjeli, bezegli, deňiz we güneşli dynç alynýan uly welaýat hasaplaýar.

Nissa gyssagly petek satyn alyň ýa-da göni bellenen haýran galdyryjy ýere çarter sargyt ediň!

Compare

Enter your keyword