Eger-de siziň meýilnamaňyzda daşary ýurtdan gozgalmaýan emläk satyn almak bar bolsa, onda öz ünsüňizi Fransiýanyň ýaşaýyş jaý bazaryna gönükdirmegiňizi maslahat berýäris. Lazur kenary kurort şäherlerden doludyr, olaryň içinde bolsa iň saýlanýany Nissa – öz arassa plýažlary we ajaýyp tebigaty bolan rahat we oňaýly şäher.

Iň günortada ýerleşip, Nissa Ortaýer deňziniň suwlary bilen ýuwulýar. Şonuň üçin bu ýeriniň klimaty hemişe maýyl we ýumşak, ýylyň islendik wagtynda güneşli, gyşda bolsa ýakynda ýerleşýän Alp kurortunyň eňňitlerinde dag lyžasynda typmak bolar.

Недвижимость в Ницце

Şäher merkezinde ähli zatda kaşaň we nepis, özüniň arhitekturasy bilen haýrana galdyrýan jaýlar ýerleşýär. Ösen infrastruktura halkara uniwersitetleri we mekdepler, şeýle hem mazmuna baý medeni durmuş (ýygy-ýygydan bu ýerde her dürli sergiler, festiwal we konsertler geçirilýär) görkezilen. Ädim daşlykda gije-gündiziň dowamynda islendik wagt elýeterli kafeler, barlar we restoranlar bar. Munuň bilen birlikde Lazur kenarda esasan-da Nissada gozgalmaýan emläk satyn almagy karar edinmek bilen siz öz kiçijik jennediňizi alýarsyňyz, sebäbi durmuş bu ýerde özboluşly tizlikde akýar.

Недвижимость в Ницце

Nissanyň gozgalmaýan emläginiň nyrhy gönüden-göni onuň ýerleşýän ýerine bagly: kurortyň ýüreginde (Iňlis kenary diýip tanalýan “Promenad dez Angles”kenarynda) köp sanly gözellikleri (özboluşly myhmanhana-muzeý “Negresko”) we medeniýet ýadygärlikleri köp bolan iň gymmat we kaşaň apartamentler bar. Deňizgyrasyndaky Alp eteklerinde Perişdeleriň külteminiň ýakasynda deňze çykyşy bolan oňat görnüşler bar – bu ýerde baglary we basseýnleri bolan köp sanly willalar ýaýrandyr. Hatda uly bolmadyk öý hem size aýnalaryndan deňzi görmäne mümkinçilik döreder.

Kurortyň dünýä abraýy, ikuçsuz Nissanyň gozgalmaýan emläginiň satlygyna öz täsirini ýetirýär – bir kwadrat metriň nyrhy 7 müň ýewrodan başlanýar. Syýahatçylar üçin emlägi Altyn kwadratyň (köp sanly abraýly dükanlaryň we restoranlaryň) ýakynynda almak amatlydyr. Şeýle etmek bilen siz özüňizi boş wagt we köp sanly ýatdan çykmajak pursatlar bilen üpjün edersiňiz.

Недвижимость в Ницце

Ümsüm we rahat dynç almagy halaýanlara ähli amatlyklary bolan (merkeze barmak üçin 10-15 minut, ýöne lazur tolkunlary synlamak mümkinçiligi hemişe bar, suwa düşmek, güne ýanmak hatda öz ygtyýaryňyzda şahsy ýahtanyň bolmagy) willa laýyk gelmegi ahmal.

Nissada gozgalmaýan emlägi satyn almak örän ýeňil. Munuň üçin Cofrance ýüz tutuň, we siziň ygtyýaryňyzda şäheriň iň gowy jaýlarynyň we öýleriniň bazasy bolman, eýsem wizanyň we ýaşaýyş jaý üçin ätiýaçlandyryşyň resmileşdirilmesinde kömek hem ediler. Siziň islegiňiz boýunça kompaniýa, ygtyýarnamaly dellal, goşmaça hyzmatlary hem ýerine ýetirer. Meselem, eger-de siz öz öýüňizde diňe zähmet rugsady döwründe ýaşamakçy bolsaňyz, siz Cofrance üsti bilen şahsy aşpezi, bagbany hatda massažisti işe alyp bilersiňiz, siziň ýok wagtyňyz bolsa jaýa we arassaçylyga seretmek üçin klining kompaniýalaryň hünärmenleri bilen ylalaşyp bolar.

Недвижимость в Ницце

Kaşaň, gözel, her ýyl müňlerçe syýahatçylary magnit ýaly özüne çekýän Nissa, öz taryhynyň dowamynda meşhur adamlaryň aglabasynyň dynç alýan ýeridi. Bu bolsa ýerli hyzmatlaryň hilinde we gurulýan öýleriň we köp sanly binalaryň nepisliginde öz yzyny goýdy. Bu ýerde hususy ýaý satyn almak bilen siz diňe bir owadan we rahat ýaşaýyş ýerini alman, eýsem bu atmosferada ýaşamagy we başgaça aýdylanda “durmuşy dolulygyna gursagyňyza almaga” hem mümkinçilik alýarsyňyz.

Compare

Enter your keyword