Покупка недвижимости за рубежом

No item found
No item found

Поиск недвижимости

Daşary ýurtda jaý ýa-da öý satyn almagy köp adamlar arzuw edýär: daşary ýurtda hususy ýaşaýyş jaýyň bolmagy – köp sanly artykmaçlyklardan peýdalanmagy aňladýar, meselem, myhmanhanada otag bron etmek ýa-da ýaşaýyş jaýyny kireýine almak barada alada etmän, ýylyň islendik paslynda halaýan ýurduňda dynç almak.

Köp ýurtlarda gozgalmaýan emläk satyn almak, maýa goýum goýujynyň şahsy şahadatnama almagyny, soňy bilen bolsa raýatlyk almagyny kepillendirýär.

Daşary ýurtda söwda obýektleriniň eýeleri gowy girdejili işe eýeçilik etseler-de, olara bu gozgalamaýan emläk ýerleşýän ýurtda ýaşamak hökmany däldir. ArendaLazur TM (Cofrance SARL) halkara dellaly daşary ýurtda gozgalmaýan emlägiň satuwy pudagynda özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär. Eger-de siz dünýäniň islendik ýurdunda öý ýa-da jaý satyn almak meýilleşdirýän bolsaňyz, onda bize ýüz tutuň: gysga wagtda siz isleýän obýektyňyzyň eýesi bolarsyňyz.

продажа недвижимости за рубежом

Daşary ýurtda ýaşaýyş jaýlarynyň nyrhlary

Ýaşaýyş jaýlarynyň nyrhy tapawutlydyr: nyrhlar siziň saýlan ýurduňyz, şeýle hem obýektyň görnüşi, onuň meýdany, otaglaryň sany, ýerleşýän ýeri we daşky gurşawy bilen baglanyşyklydyr.

Ýewropa

Häzirki wagtda Ispaniýada, Barselonadaky öýlere uly isleg bildirilýär. Bu ýerde meýdany 91 kwadrat metr bolan apartamentleri 740 000 ýewro bahadan satyn alyp bolar. 10 otagly we howuzly willa alyjylara 5 740 000 ýewrodan hödürlenilýär. Russiýaly maýa goýum goýujylaryny Bolgariýadaky öýler özüne çekýärler. Kardamda 4 otagly meýdany 176 kwadrat metre barabar kottej 21 900 ýewrodan satuwa çykaryldy.

Germaniýa gozgalmaýan emlägiň alyjylaryny rahat syýasy gurluşy bilen özüne çekýär. Saksoniýada meýdany 65 kwadrat metr bolan 3 otagly jaýy 6 900 ýewro satyn almak mümkin. Týuringiýada bir otagly meýdany 22,44 kwadrat metr bolan öýi 14 000 ýewro bahadan satyn almak mümkin.

Italiýanyň deňiz kenaryndaky kurort ýaşaýyş jaýlaryna hemişe uly isleg bildirýärler. San-Remoda 26 otagly, meýdany 1 184 kwadrat metre deň bolan gadymy willa 13 999 000 ýewro bahadan satuwa çykaryldy. Sada görnüşleri has arzan bahadan almak mümkin: Skaleýede bakjaly, bir otagly, meýdany 60 kwadrat metr taunhaus 12 900 ýewro bahadan.

Praga Russiýa maýa goýum goýujylary tarapyndan isleg bildirilýänleriň öňdebaryjysydyr. Bu şäherde meýdany 36 kwadrat metr bolan bir otagly apartamentleri 144 000 ýewrodan almak mümkin.

Kiprde ýaşaýyş jaýyny köp halatda şahsy şahadatnama almak üçin satyn alýarlar. Bir otagly, meýdany 55,7 kwadrat metr bolan öýi bu ýerde 59 600 ýewrodan satyn almak mümkin.

Köp adamlar Gresiýada deňziň gyrasyndaky gozgalmaýan emlägi oňat dynç alyş üçin satyn alýarlar.

Halkidikada meýdany 109 kwadrat metr bolan 5 otagly taunhaus 160 000 ýewro diýip bahalanýar.

Aziýa we Amerika

Ekzotikany halaýanlara tropiki ýurtlaryň, ABŞ-nyň, Latyn Amerika döwletleriniň ýaşaýyş jaý nyrhlary bilen tanyşmak gyzykly bolar. Meşhur hindi kurorty Goada ikinji deňiz çyzygynda ýerleşýän, 2-4 ýatak jaýly öýi   $70 000 – 90 000 satyn almak mümkin. Ştatda öýleriň nyrhy $24 000-dan başlanýar.

Taýlandda, Phuketde meýdany 60 kwadrat metr, Patong aýlagy görünýän jaýy $184 000-dan satuwa çykaryldy. Bu kurortda 32 kwadrat metr meýdany bolan öýi      $132 000-a satyn almak mümkin. Indoneziýada, Balida bir ýatak jaýly, howuzly häzirkizaman öýi $1 107 000 bahadan satyn almak mümkin.

Wýetnamda, Nýaçangeda 3 otagly, meýdany 60 kwadrat metr öý $47 000 bahadan durýar. Ýaponiýada meýdany 65 kwadrat metr bolan öý alyja $480 000 bahadan düşer. Bu ýurtda hususy jaýlaryň nyrhy – $600 000-a barabardyr. ABŞ-da, Nýu-Ýorkda iki otagly öý $1 000 000-a barabardyr.

Manhettende penthaus alyjylara $50 000 000 bahadan düşer.

Meksikada meýdany 54 kwadrat metr bolan apartamenti $212 000 bahadan satyn almak mümkin.

Ýurtda meýdany 174 kwadrat metr bolan 3 otagly willany $170 000-a satyn almak mümkin.

Dominikanda Punta-Kaneda meýdany 80 kwadrat metr bolan 3 otagly öýi $114 000 bahadan satyn almak bolar.

Sosuada 5 otagly, meýdany 430 kwadrat metr bolan willa $408 000 bahadan satuwa çykaryldy.

купить недвижимость за рубежом

ArendaLazur TM (Cofrance SARL) hyzmatlary

ArendaLazur TM (Cofrance SARL) bilen hyzmatdaşlyk – bu 12 ýyldan gowrak wagt bäri daşary ýurtda gozgalmaýan emlägiň satuwy pudagynda dürli görnüşli iş tertiplerini amala aşyrýan dellal bilen işleşmekdir.

Kompaniýanyň wekilhanalary dünýäniň 117 ýurdunda hereket edýär: bize planetanyň islendik künjeginden ýüz tutuň! Siz diňe özüňize amatly bolan usulda biz bilen habarlaşmaly – internet sahypasynyň, telefonyň, email ýa-da messenjerleriň üsti bilen – we indiki maglumatlary habar bermeli:

  • Satyn almak üçin obýektyň görnüşi – jaý, öý;
  • Ýerleşýän ýeri;
  • Ölçegleri;
  • Maliýe üpjünçilik

Kompaniýanyň hünärmeni tiz wagtyň içinde siziň islegleriňize gabat gelýän görnüşleri saýlar. Eger-de sizi özbaşdak tapan obýektyňyz gyzyklandyrýan bolsa, onda dellalyň hünärmeni ol obýektyň ýagdaýyny we suratda we suratlandyrylmada görkezilişine gabat gelşine baha berer.

продать дом за границей

Gerek bolan ýagdaýynda kompaniýanyň «açary bilen» hyzmatlaryndan peýdalanmak mümkin. Biz siziň daşary ýurda gidip, ylalaşyk baglanyşmagyňyz üçin gerekli zatlary gurnarys.

  • Wizany we ätiýaçlandyryş polisyny resmileşdireris.
  • Uçara petek buýrarys ýa-da howa gämisini kireýine alarys;
  • Siziň öý ýa-da jaý aljak ýurduňyzda boljak wagtyňyz üçin myhmanhanada otag bron ederis ýa-da kireýine jaý alarys;
  • Transfer gurnarys;
  • Dikuçarda obýektleriň barlagyny gurnarys;
  • Ylalaşygyň arassa baglaşylmagyny gözegçilik astynda saklajak kompaniýanyň hünärmenini we terjimeçiniň hyzmatlaryny hödürläris.
  • Ätiýaçlandyrlyşy resmileşdireris we ýaşaýyş jaýyny hasaba alarys.

Daşary ýurda ArendaLazur TM (Cofrance SARL) bilen bilelikde hoş geldiňiz!

 

Compare

Enter your keyword