Аренда недвижимости за рубежом

No item found
No item found

Поиск недвижимости

Daşary ýurt gozgalmaýan emlägi diňe bir alyjylary däl-de, kireýine alyjylary hem özüne çekýär. Dynç alyş wagtynda kireýine alynýan apartamentlere we willalara has uly isleg bildirilýär. Mundan başga-da, daşary ýurtda ýaşaýyş jaýlaryny saparlaryň, okuwyň ýa-da iş saparlarynyň dowamynda kireýine alýarlar.

ArendaLazur TM (Cofrance SARL) halkara dellalynyň kömegi bilen, daşary ýurtda ykjam studiýalardan başlap, häzirkizaman willalara we galalara çenli, islendik ýaşaýyş jaýyny kireýine almak mümkin. 117 ýurtda biziň şahamçalarymyz hereket edip, siz biz bilen dünýäniň islendik künjeginden habarlaşyp bilersiňiz. Biz gozgalmaýan emlägiň giň göwrümli toplumy bilen işläp, size amatly bahadan ýokary hilli jaýlary hödürläris.

аренда недвижимости за рубежом, снять жилье за границей

Daşary ýurtda gozgalmaýan emlägiň kireýine almak nyrhy

Kireýine alynjak ýaşaýyş jaýynyň nyrhy onuň daşky görnüşine we ýerleşişine, ýagdaýyna, beýikligine, daşky gurşawyna baglydyr.

Kada laýyklykda, iň ýokary nyrha eýe bolan görnüşler, bu deňizýakasynda ýa-da iri şäherleriň merkezlerinde, şäheriň esasy gözelliklerine, şeýle hem megapolisleriň işewür böleklerinde ýerleşýänleridir. Deňizýaka kurortlarynyň 2-nji deňiz çyzygynda ýerleşýän, şäher çetlerinde ýa-da merkezden uzak aralykda ýerleşýän studiýalar, bir otagly ýaşaýyş jaýlary bolsa, tersine, iň pes nyrhly görnüşlerdir.

Ikinji derejeli ýaşaýyş jaýlarynyň bazarynda, kada laýyklykda, jaýlar täze gurluşykdakylardan arzandyr, ýöne käwagt kadadan çykmalar hem bolýar. Gadymy willalar, galalar we köşkler, has ýokary nyrhdandyr.

Birnäçe mysallary getireliň. Dominikanda Kabaretde meýdany 80 kwadrat metre deň bolan, birinji deňiz çyzygynda ýerleşýän iki otagly öýi, aýyna $60 töleg nyrhy bilen kireýine almak mümkin. Şol kurortda okeanyň kenarynda meýdany 53 kwadrat metre deň bolan studiýany aýyna $50 töleg nyrhy bilen kireýine almak mümkin.

Italiýada, Rimda içki goşy bolmadyk, meýdany 115 kwadrat metre deň bolan apartamenti aýyna 2 500 ýewro töleg nyrhy bilen kireýine almak mümkin. Forte deý Marmide meýdany 220 kwadrat metre deň bolan, deňizden bir kilometr uzaklykda ýerleşýän, 9 otagly willany şol möhlet üçin 15 000 töleg nyrhy bilen kireýine almak mümkin. Şol sanda, Turinde meýdany 50 kwadrat metr bolan öýi bir aýlyk töleg nyrhy 800 ýewro kireýine almak mümkin.

Fransiýada, Ýokarky Pireneýalarda meýdany 210 kwadrat metr bolan 9 otagly willanyň bir aýlyk kireýine töleg nyrhy 1 500 ýewrodyr. Biarrisede 4 ýatak jaýy we 3 myhman otagy hem-de deňiz görnüşi bolan jaýyň 7 günlik kireýine almak töleg nyrhy 13 500 ýewro barabardyr. Kurşawelde 106 kwadrat metr meýdany bolan we Alp daglary görnüp duran apartamentleri bir hepdelik kireýine almak töleg nyrhy 1 570 ýewro barabardyr. Kannada 2 otagly, meýdany 50 kwadrat metr bolan öýi bir aýlyk kireýine almak töleg nyrhy 850 ýewro deňdir. Latwiýada, Rigada meýdany 47 kwadrat metre deň bolan, 3 otagly öýiň 1 aýlyk kireýine almak töleg nyrhy 420 ýewro barabardyr. ABŞ-da Manhettende meýdany 60 kwadrat metr bolan öýiň bir aýlyk töleg nyrhy 2000 amerikan dollaryna ýa-da ondan hem ýokary nyrha barabardyr.

Как снять жильё за рубежом

ArendaLazur TM (Cofrance SARL) bilen hyzmatdaşlyk

Hyzmatdaşlygy başlamak üçin, dellalyň hünärmenine indikileri bilmek hökmanydyr:

  • daşary ýurtda nähili ýaşaýyş jaýyny kireýine almak isleýärsiňiz;
  • ol haýsy ýurtda ýerleşýär;
  • ýaşaýyş jaýyň belentligi;
  • siz bilen näçe adam ýaşar;
  • siz kireýine almagy haýsy möhlet bilen amala aşyrmakçy;
  • takmynan nyrh.

аренда жилья

Kompaniýanyň hünärmenleri gysga wagtyň içinde siz üçin söwda hödürlemesini taýýarlarlar: gözlegiň netijesinde tapylan obýektlerden siz öz islegleriňize görä görnüşi saýlap bilersiňiz.

Size nähili ýaşaýyş jaý gerek bolsada – Şweýsariýada rahat şale, Şotlandiýada gadymy gala, Kambodjada deňziň kenarynda öý ýa-da Ýaponiýada täze gurluşykda kaşaň öý, bize ýüz tutuň: siziň 200% hoşal bolmagyňyz üçin size hödürlemäge iň oňat görnüş taparys!

 

Compare

Enter your keyword