Nissada öý satyn almak
Kim gowy dynç alyş hakda arzuw etmeýär? Hatda iň bir ýalta adam hem ömründe bir gezek ýöne deňze gidip görendir. Zähmet dynç alşy gönüden göni ýylylyk we deňiz bilen bagly, ol tutuşlygyna deňiz suwuny we güni göz öňüňe getirýär. Dynç almagyň görnüşlerini saýlanyňyzda, siz Lazur kenaryň artykmaçlyklary barada eşiden bolmagyňyz ahmal: ýumşak klimat, arassa plýažlar, syýahat etmek üçin birnäçe ýerler we ajaýyp tebigat. Şäher-erteki Nissa ortaýerdeňziniň kenarynyň merjeni bolup, ýylyň islendik wagtynda syýahatçylary özüne çekýär.
Bu ýerde islendik adam hem gowy dynç alyp biler – milliarderden başlap ýönekeý inženere çenli. Syýahatçylaryň arasynda ruslar köp (olar eýýäm fransuz naz-nygmatlaryndan dadyp gördüler). Bissada ýaşamak – arzuw. Bu arzuwyň logiki soňlanmasy bolmaly – siz şu wagtyň özünde Nissada öý satyn alyp, öz durmuşyňyzyň hilini üýtgedip bilersiňiz.
Fransiýanyň gozgalmaýan emlägine maýa goýum goýmak örän peýdaly. Ine size Nissada apartamentleri satyn almagyň dört sebäbi:

Nissa – hemişe güýmenmäge zat tapyp boljak kurort. Bu ýere zähmet dynç alşynda, dynç günleri gelip, döredijilik bilen meşgullanyp bolýar. Bu ýerde sosial we medeni durmuş gaýnap joşýar. Şonuň üçin, siz wagtyňyzy gowy geçirjegiňize ynamly bolup bilersiňiz.
Nissada apartamentler

Gozgalmaýan emlägi satyn almak we oňa maýa goýum goýmak parasatly iş. Has hem ýaşaýyş jaýynyň nyrhlary durnukly ösýän bolsa. Nissada öýleriň satuwy bir kwadrat metre birnäçe ýüz müň ýewrodan başlanýar. Siz ony islendik wagt satyp, üstüne biraz düşewünt hem alyp bilersiňiz. Şeýle hem köp adamlar özüniň Nissada ýok wagty beýleki syýahatçylara kireýine bermek bilen passiw girdejini gazanýarlar.
Nissada ýerüsti, howa we deňiz transportunyň iň uly kesişmeleri ýerleşýär. Eger-de siz syýahat etmegiň tarapdary bolsaňyz, onda siz paromda Sardiniýa we Korsika baryp bilersiňiz, Fransiýanyň şäherlerine aýlanyp bilersiňiz, we Ýewropanyň ýakyndaky ýurtlaryna uçup bilersiňiz. Soňra Lazur kenaryna dolanyp, öz plýažyňyzda dynç alyp bilersiňiz.

Fransiýada dünýä derejesindäki bilim edaralarynyň birnäçesi ýerleşýär. Nissanyň özünde 1965-nji ýylda esaslandyrylan iň uly döwlet “Sofiýa Antipolisyň Uniwersiteti” ýerleşýär. Bu ýurtda siz öz çagalaryňyza berip biljek bilim derejäňiz barada pikirleniň.
Bu ýerde durnukly, ýokary aýlykly işler, dürli görnüşli sosial meýilnamalar bar. Fransiýada hususy jaý bolsa – fransuz raýatlygyny resmileşdirmekde ilkinji ädimdir.
Eger-de sizde ýekeje hem bolsa “garşy” deliliňiz bar bolup, kelläňizde Nissadan öý satyn almaga güýjüňiz ýetmez diýen pikir bar bolsa, oýlanyň –Russiýadaky öýler hem olardan arzan däl (meselem Moskwadaky), kommunal hyzmatlarynyň hili bolsa, gynansakda, has pes derejede. Lazur kenarynda gozgalmaýan emlägi satyn almakda size hemişe Cofrance kompaniýasy-Fransiýada ygtyýarnamaly rus dellaly kömek eder. Jaň ediňwe ilkinji maslahaty alyň!