Продажа квартир и апартаментов за рубежом
Поиск недвижимости
Daşary ýurtda öý edinmek – resmilikleriň bir hataryny ýerine ýetirmegi we uly möçberde maliýe serişdelerini sarp etmegi talap edýän möhüm çäredir. Daşary ýurtda apartament edinmek baradaky arzuwyňyzy hasyl etmäge ArendaLazur TM (Cofrance SARL) halkara dellaly kömek eder. Bize öý satyn almak bilen bagly islendik sorag bilen ýüz tutuň: olaryň hiç biri jogapsyz galmaz.
Umumy maglumat
Russiýanyň kanunçylygyna laýyklykda, Russiýa Federasiýasynyň islendik raýatynyň daşary ýurtda öý satyn alyp oňa eýeçilik etmäge hukugy bardyr. Käbir çäklendirmeler pikirlenmäge ukypsyz şahslara, meselem psihiki näsazlyklardan ejir çekýänlere, şeýle hem ýuridiki şahslara, meselem gyzyklanma esasynda baglaşylýan şertnamalara we emeldarlara degişli bolup biler.
Dünýäniň käbir ýurtlarynda rus raýatlaryna ýaşaýyş jaýlaryny satyn almak gadagan edilendir. Şeýlelikde, Russiýa Federasiýasynyň raýatlary Abhaziýada öý satyn almaga hukuklary ýokdur. ArendaLazur TM (Cofrance SARL) hünärmenleriniň kömegi bilen islendik ýagdaýdan baş alyp çykmak mümkin, meselem, gozgalmaýan emlägi ýaşalýan hataryndan ýaşalmaýan hatara geçirip, gerekli obýekti satyn almak bolýar ýa-da ol ýurtda rus rezidentiniň barlagy astyndaky ýuridiki şahsy esaslandyrmak. Daşary ýurtlaryň kanunçylygynyň diňe ýer satyn almagy gadagan edýän ýagdaýlary hem az däldir.
Eger-de sizi daşary ýurtda öý satyn almak gyzyklandyrýan bolsa, obýekt satyn alnanda hiç bir döwlet edarasyna habar edilmegiň gereginiň ýokdugyny bilmelisiňiz.
Daşary ýurtda öýi nähili satyn almaly?
Aluw/satuw ylalaşygyny hereket edýän kanunçylyga laýyklykda amala aşyryp, hiç bir hilegäriň duzagyna düşmezden daşary ýurtda öý satyn almak üçin ArendaLazur TM (Cofrance SARL) tejribeli dellala ýüz tutuň. Iş tertibi arza düzmekden başlanýar. Kompaniýanyň hünärmenine indiki görkezilenleri habar beriň:
- siziň gelejekki edinjek öýüňiz nirede ýerleşmeli;
- size näçe otag gerek;
- jaýyň umumy meýdany nähili bolmaly;
- siz nähili jaý edinmek isleýärsiňiz – ilkinji bazaryňkymy ýa-da ikinji;
- öýe bolan aýratyn islegleriňiz;
- siziň maliýe üpjünçiligiňiz.
Bu maglumatlary kabul edenimizden soňra, biz haýal etmän öýüň gözlegine çykarys we siz üçin söwda hödürlenmesini taýýarlarys.
Ýüze çykyp biljek düşünişmezliklerden gaça durmak maksady bilen, daşary ýurtda öý satyn alynmakdan öňünçä oňa baryp görmegi maslahat berýäris. Dellalyň “açary bilen” hyzmatlaryndan peýdalanyp, siz gozgalmaýan emlägiň obýekti ýerleşýän ýurda baryp, onuň siziň islegleriňize doly gabat gelýändigine göz ýetiriň. Biz öz üstümize alýarys:
- syýahat üçin wizanyň we ätiýaçlandyrlyşyň resminamalaşdyrylmasyny;
- uçara petek buýurmagy ýa-da gerek bolan ýagdaýynda hususy awiasiýanyň laýner çarterini;
- transferiň gurnalmasyny we daşary ýurtda oňaýly ýaşamagyňyzy – myhmanhanada otag bron etmegi ýa-da kireýine jaý almagy;
- birnäçe obýektleri gözden geçirmek üçin dik uçaryň ygtyýarlygyny;
- öýüň atiýäçlandyrylmasyny.
Eger-de sizi maksimal howpsuzlykda öý satyn almak gyzyklandyrýan bolsa, bize ýüz tutuň: biz ylalaşygyň daşary ýurduň kanunçylygyna laýyklykda arassa geçjekdigine gözegçilik etjek tejribeli hünärmeni çagyrarys. Gerek bolan ýagdaýynda dellaldan tejribeli terjimeçiniň hyzmatlaryndan peýdalanyp, şeýle hem daşary ýurt bankyndan ipoteka alyp bilersiňiz – bu ýagdaýda ähli resminamalaryň taýýarlygyny biziň kompaniýamyzyň hünärmenleri öz üstlerine alarlar.
Russiýa Federasiýasynyň raýatlarynyň daşary ýurt bankynda hasap açanlarynda, bu barada ýaşaýan ýerinde degişli salgyt edaralaryny habarly edip, bu hasap boýunça pul serişdeleriniň hereketi baradaky hasabaty her ýylyň 1-nji iýunyna çenli tabşyrmalydygyny ýatdan çykarmaly däldir.
Daşary ýurtda öýleriň satuwy – ArendaLazur TM (Cofrance SARL) dellalynyň işleýän pudagydyr. Bize gozgalmaýan emläk bilen bagly işi tabşyryň, ýokary derejedäki hyzmatlardan we işiň ajaýyp netijesinden lezzet alyň.